Türkmenistanda gallaçylyk ulgamyny ösdürmekde täze tehnologiýalaryň orny

Bagtyýar türkmen halkymyza, şol sanda oba hojalygynda zähmet çekýän daýhanlara işlemäge, toprakdan bol hasyl öndürmäge döwlet tarapyndan ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda öndürilýän dänäniň, pagtanyň döwlet tarapyndan satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy we oba hojalyk pudagynyň dünýäniň kämil tehnikalary bilen yzygiderli üpjün edilip durulmagy, daýhanlarymyza toprakdan bol hasyl öndürmäge giň mümkinçilikler açdy.

Bereketli hasyly ýetişdirmegiň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, daýhana hemmetaraplaýyn kömek-goldaw bermek barada edýän ýadawsyz aladalary, şonuň ýaly-da topraga irginsiz hyzmat eden adamlaryň zähmeti ýatyr. Bu üstünlikler sazlaşykly işleriň netijesinde gazanylýar.

Meýdanlardan ýygnalyp alnan bugdaýyň kabul ediş bölümlerine daşalmagyny ýük awtoulaglary üpjün eder. Guradylandan we deslapky arassalanandan soň, dänäniň bir bölegi tohumlyk üçin goýlar, galan bugdaý bolsa un üçin gaýtadan işleniler, şeýle-de elewatorlarda saklamak üçin goýlar. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň barlaghanalary hem doly taýýarlyk ýagdaýyndadyr. Olaryň hünärmenleri iň täze enjamlaryň kömegi bilen meýdanlardan gelip gowuşýan dänäniň hilini dessin kesgitleýärler.

2024-nji ýylyň galla oragynda ABŞ-nyň “John Dee­re” hem-de Germaniýanyň “CLAAS” kompaniýalarynyň kombaýnlary ulanylýar. Şu ýyl galla meýdanlarynda bugdaýyň “Bereketli”, “Goşant”, “Hasylly”, “Sähraýy”, “Rowaç”, “Ýolöten-3”, “Ýolöten-1”, “Juwan”, “Watan”, “Gyzylşaglawuk-25”, “Miras”, “Ýokumly” ýaly, ýokary hasylly görnüşleri ekildi.

Gülşat AÇYLDURDYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok