Täsin ösümlik dünýäsi

Ösümlik dünýäsi örän owadandygy we täsindigi bilen göreni haýran galdyrýar. Her bir ösümlik özboluşly daşky görnüşi we alamaty bilen biri-birinden tapawutlanýar. Häzirki wagtda dünýäde müňlerçe ösümlik görnüşi bolup, olara agaçlar, gyrymsy agaçlar we otjumak ösümlikler degişlidir. Ösümlikleriň täsin dünýäsinde özboluşly daşky keşbi, ýaşaýyş aýratynlygy boýunça görenleri haýran galdyrýan görnüşleri az däl. Şeýle ösümliklere dünýäniň islendik künjeginde duşmak bolýar.

Adaty bambuk

Adaty bambuk dünýäde iň çalt ösýän ösümlik. Bu ösümlik Aziýada ösýär. Iýmit hökmünde-de peýdalanylýar. Bambuk bir gije gündiziň dowamynda 40 santimetrden 1 metre çenli ösmäge ukyply. Ösen mahaly onuň baldagynyň diametri hem ulalýar. 30 mertlik bambugyň baldagynyň diametri 20-30 santimetr aralykda bolýar.

Albina ZÄKIRJANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
5-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok