BITARAPLYK ÝOLY BILEN

Şu gün, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistan Bitaraplyk ýoly bilen» atly sergi açyldy. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda belleniljek hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli guralan sergi hormatly Prezidentimiziň bitaraplyk barada aýdan parasatly sözleri bilen açylýar. Milli Liderimiziň döredijiligine degişli dürli ýyllarda neşir edilen kitaplaryň, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan üstünlikleri açyp görkezýän foto suratlaryň, nakgaş işleriniň, şonuň bilen birlikde-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýinde saklanylýan zergärçilik işleriniň, milli gymmatlyklarymyz bolan halylaryň görkezilmegi serginiň täsirini has-da artdyrdy.

Serginiň dowamynda çykyş edenler 14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda «Oguzkent» myhmanhanasynda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatda milli Liderimiziň maksatnamalaýyn çykyşy, halkara guramalar bilen ýola goýlan gatnaşyklar dogrusynda bellediler.

Hawa, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýasy esasynda döwletimize hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugrunyň, onuň halkara işlerindäki ornunyň ykrar edilmesi bolup, türkmen halkynyň Garaşsyzlykdan soňky uly ýeňişleriniň biri hökmünde taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Bu sene Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm waka öwrüldi. Türkmenistan BMG tarapyndan dünýäde ilkinji hem iki gezek ykrar edilen Bitarap ýurtdur, şeýle-de Ýer ýüzünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasyny resmi taýdan Esasy Kanunyna girizip, konstitusion esasda berkiden ýeke-täk döwletdir.

Sergä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara abraý-mertebesiniň belentliklere göterilýändiginiň sungatdaky beýanyna şaýat boldular.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok