“Türkmengaz” döwlet konserniniň hünärmenleri ýörite işlenip taýýarlanylan usul arkaly Garagum sährasynda ýerleşýän Derweze gaz krateriniň alawyny söndürýärler.
Türkmenistan Derweze gaz kraterinden çykýan zyňyndylary dolandyrmakda örän uly ösüşleri gazandy. Netijede, hut şeýle usul kratere tarap barýan gaz akymynyň gutarmagyna getirer. Bu usulyň ulanylmagynyň eýýäm kraterden çykýan metan zyňyndylarynyň düýpli azaldylmagyny gazanmaga mümkinçilik berdi.
Ýeri gelende belläp geçsek, ýarym asyrdan bäri ody sönmeýän Derweze gaz krateri Aşgabatdan 266 kilometr daşlykda Merkezi Garagumda ýerleşýär. 1971-nji ýylda Sowet Soýuzynyň geologlary tarapyndan guýy burawlanmagy we gazuw-agtaryş işleriniň geçirilmegi esasynda gaz käniniň üstünden baryldy. Buraw işleri geçirilen pursadynda garaşylmadyk tebigy hadysa emele gelip, ol guýynyň çuňlugy 30 metre, diametri bolsa 60 metre barabar boldy. Geologlar gazdan zäherlenmegiň öňüni almak üçin ony ýakmak kararyna gelipdiler, emma ol ýerde ýakylan ot henize çenli ýanmagyny dowam etdirýär.
Atamyrat ŞÜKÜROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler