Dünýädäki iň uly ýangyn söndüriji uçar

747 supertankeri ilkinji gezek “Evergreen International Aviation” kompaniýasy tarapyndan peýda boldy we başda ýolagçy uçary hökmünde döredildi. 2009-njy ýylda ýangyny söndürmek üçin ulanyldy. Uçar köplenç ABŞ, Kanada, Çili ýaly ýurtlarda tizligi we uly kuwwaty sebäpli uly tokaý ýangynlarynyň öňüni almak we söndürmek üçin ulanylýar.

747 supertankerinde ýangyn söndürmekde ulanylýan himiki maddalar we suw ýokary basyşly nasoslaryň kömegi bilen minutda 3000 litre ýetip bilýär. Uçaryň iň ýokary tizligi sagatda takmynan 960 km. Uçaryň diapazony 14000 km bolansoň, uzak aralyklarda işlemek ukybyny artdyrýar.

Şeýle hem suwy we himiki serişdeleri dürli belentliklerde aňsatlyk bilen sepip bilýär. Uzynlygy 70 metr bolan Boeing 747-400 modeli, 75000 litre golaý suw we himiki maddalary göterip bilýär. Onuň ganatynyň uzynlygy 65 metre golaý bolup durýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, dünýädäki iň uly ýangyn söndüriji uçar bolan 747 supertankeriniň kömegi bilen müňlerçe gektarlyk ýerler ýangyndan halas boldy.

Süleýman AKMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok