Dünýädäki iň baý ýurt haýsy?

Haýsy ýurduň iň baýdygy baradaky soraga, umumy emlägi umumy karzdan aýyranyňda, iň ýokary netijäniň “iň baý ýurdy” görkezýändigini aýdyp bolar, ýöne bu ýeterlik däl.

UBS Global baýlyk hasabatynyň 2023-nji ýyldaky maglumatlaryna görä, umumy bergiler bir ýurduň umumy emläginden aýrylanda, ABŞ-nyň umumy baýlygy 140 trillion dollar töweregi boldy.

Adam başyna düşýän ortaça baýlyga seredenimizde, ýagny ýurtdaky baýlygyň ähli mukdary ýurduň ilaty tarapyndan bölünen bolsa, onda Şweýsariýa döwleti öňdäki orunda durýar. Bitaraplygy bilen tanalýan bu kiçi ýurduň raýatlarynyň adam başyna ortaça 685 müň dollar baýlygy bar. Bu görkeziji ortaça amerikalylaryň 551 müň dollar barlygyndan birneme köp.

Adam başyna düşýän ortaça baýlyk, tutuş ilat bilen deňeşdirilende orta ýagdaýdaky adamyň eýeçiligindäki baýlygyň mukdaryny aňladýar. Bu çäre boýunça Amerikanyň Birleşen Ştatlary hatda ilkinji onluga girenok. Sanawyň başynda ortaça raýatyň baýlygy bary-ýogy 250,000 dollardan Belgiýa bar. Geçen ýyl birinji orny eýelän Awstraliýa sanawda ikinji, Gonkong bolsa üçünji ýerde durýar.

ABŞ 813, ýa-da Hytaý 814 bilen iň köp milliarderleriň ýaşaýan ýeri. Beýleki tarapdan, Hytaýyň öňdebaryjylygyna garamazdan ABŞ-da milliarderleriň sany ýylsaýyn artýar, Hytaý bolsa milliarderleri ýitirýär.

Merdan HAKNAZAROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok