Dünýäniň iň garry kosmonawty

Jeff Bezos-yň Awiasiýa we kosmos kompaniýasy “Blue Origin”-iň soňky syýahaty möhüm ähmiýete eýe boldy. Ýagny 1960-njy ýyllarda NASA-da tälim alan ilkinji garaýagyz Ed Dwaýt 60 ýyl ozal ýerine ýetirmedik kosmos syýahatyny ýerine ýetirip, dünýäniň iň garry kosmonawty boldy.

90 ýaşly Dwaýt “Blue Origin” raketa uçuşy bilen kosmosa çykyp, iň garry kosmonawt boldy. Dürli sebäplere görä 1966-njy ýylda Howa güýçlerinden giden we kosmonawt bolmak maksadyna ýetip bilmedik Dwaýt 60 ýyldan soň kosmosa çykdy.

Kosmosda syýahat eden iň garry adam, 90 ýaşly Dwaýt bu tejribäni “özüne çekiji” diýip häsiýetlendirdi we kosmosyň adamlara başgaça dünýägaraýşy bagş edýändigini aýtdy.

Ed Dwaýt ABŞ-da Awiasiýa we sungat pudagynda esasy şahsyýet bolup durýar. 1933-nji ýylda doglan Dwaýt karýerasyna ABŞ-nyň Howa güýçlerinde pilot bolup başlady we 1960-njy ýyllarda NASA-nyň kosmonawt programmasy üçin saýlanan ilkinji afroamerikaly boldy.

Bu döwürde Dwaýt Amerikanyň raýat hukuklary hereketiniň nyşanyna öwrüldi. Şeýle-de bolsa, dürli sebäplere görä kosmonawt bolmak maksadyna ýetip bilmedi we 1966-njy ýylda Howa güýçlerinden çykdy.

Harby karýerasyndan soň Dwaýt inženerçilik we sungata bar goşýar. Çeperçilik karýerasyny heýkeltaraş hökmünde dowam etdirdi we esasanam Afrika Amerikan taryhy we medeniýeti bilen baglanyşykly eserleri bilen tanaldy. Dwaýtyň eserleri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň muzeýlerinde, köpçülik ýerlerinde we hususy kolleksiýalarynda görkezilýär.

Kerim ORAZOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok