ABŞ-da bir pişige hormatly diplom berildi

ABŞ-nyň Wermont uniwersiteti mekdebiň söýgüli pişigine hormatly diplom berdi. Uniwersitetiň “Facebook” sosial media platformasyndaky ýazgysynda Maks atly pişigiň Castleton şäherçesiniň söýgüli agzasydygy aýdyldy.

Bu ýazgyda uniwersitet şäherçesiniň golaýyndaky bir jaýyň agzasy bolan Maksyň 4 ýyl bäri uniwersitet şäherçesine ýygy-ýygydan baryp, talyplar bilen dostlaşýandygy bellendi.

Uniwersitetiň şäherçesinde gezelençlerde talyplara ýoldaşlyk eden Maksa ýokary okuw jaýynyň ýolbaşçylary hormatly doktorlyk diplomyny bermek kararyna gelendigi mälim edildi.

Pişik Maksyň diplomy gutardyş dabarasynda eýesi Eşli Dowa gowşurylar.

Amandursun DURDYÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok