2024-nji ýylyň 14-18-nji maý aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almata şäherinde Ýewropa Geňeşi tarapyndan guramagynda “Adam hukuklary we daşky gurşaw” atly okuw sapagy geçirildi.
Bu okuw maslahaty Ýewropa Geňeşiniň we Ýewropa Bileleşiginiň 4 ýyllyk bilelikdäki maksatnamanyň çäklerinde gurnalyp, bu okuw maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy hünäriniň 4-nji ýyl talyplary Annagylyjowa Umyt bilen Ussaýewa Amanbagt gatnaşdylar.
Okuw sapary daşky gurşawy goramak we adam hukuklaryna ünsi jemläp, adam hukuklary boýunça halkara ülňülerine bagyşlandy. Bu okuw sapara merkezi Aziýa döwletleriniň, ýagny Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasyndan we Türkmenistan döwletinden jemi 40-dan gowrak gatnaşyjy gatnaşdy. Gatnaşyjylara ilki bilen halkara kazyýetleri esasynda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmagynyň çözmekligiň meselelerini halkara ülňüleriň esasynda alnyp barylyş usullary düşündirildi.
Okuw sapagynyň ilkinji gününi giriş sözi bilen Gazagystan Respublikasynyň adam hukullary boýunça komissiýasynyň wekili Igor Rogow, Gazagystan Respublikasynyň ylym we ýokary bilim boýunça ministri Saýasat Nurbek, onlaýn görnüşde Ýewropa Bileleşiginiň Gazagystan Respublikasynyndaky Ilçisi, Al-Farabi adyndaky milli gazak uniwersitetiniň, Abaý adyndaky gazak milli pedagogik uniwersitetiniň, D.A.Kunaýew adyndaky uniwersitetiniň rektorlary, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary boýunça wekilleri açyp berdiler.
Şeýle-de bu okuw saparyny Hukuk meseleler boýunça halkara derejeli trener, Ýewropa Geňeşiniň maslahatçysy hanym Ýewa Massa, Liwerpul uniwersitetinden sosial-adalatlylyk we hukuk mekdebiniň dekanynyň orunbasary professor Konstantin Degtýarew, Adam hukuklary boýunça baş hukukçysy, Ýewropa Geňeşiniň maslahatçysy hanym Malgojatta Kwendaç Maloş dagylar Adam hukuklary boyunça Ýewropa komissiýasynyň alyp baryan wezipeleri hem-de adam hukuklary we daşky gurşaw barada sapak geçdiler.
Latwiýa döwletiniň adam hukuklary boýunça Ýewropa kazyýetiniň kazysy Martin Mits kazyýet işi bilen bagly öz tejribesini talyplar bilen paýlaşdy. Sapagyň dowamynda talyplar kazyýetde çykyş etmek ukybyny ösdürmek bilen bagly berlen ýumuşlary hem ýerine ýetirdiler.
Okuw saparynyň soňunda gatnaşyjylara diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy. Bu okuw sapagy türkmen talyplaryna özleriniň saýlap alan hünarine bolan höwesini we gyzyklanmasyny has-da ösdürmekde uly ýardam etdi. Talyp ýaşlar özleriniň saýlap alan hünärlerini kämilleşdirmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler.
Umyt ANNAGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň IV ýyl talyby.
Teswirler