Dünýädäki iň beýik astronomiki obserwatoriýa

Jeýms Webb kosmos teleskopy ýeriň daşyndan aýlanmagyny we giňişligi jikme-jik gözden geçirmegini dowam etdirýär, ýöne bir gün onuň hem ömri tamamlanar. Şonuň üçin bize infragyzyl gözegçilikleri dowam etdirjek teleskoplar gerek. Bu maksada ýetmek üçin Tokio uniwersitetiniň Atakama obserwatoriýasy (TAO) deňiz derejesinden 5640 metr belentlikde resmi taýdan işe başlady. Bu, dünýädäki iň beýik astronomiki obserwatoriýa hökmünde hasaba alyndy.

Elbetde, 5640 metr belentlikde obserwatoriýa gurmak gaty kyn bolansoň, hatda kislorod azalýar, şonuň ýaly belentlikde başga obserwatoriýa tapmak häzirki wagtda mümkin däl.

Çölüň ortasynda ýa-da giň düzlükde teleskop gurmak has arzan bolsa-da, Jeýms Webb ýaly infragyzyl teleskop ulanjak bolsaň, ýer atmosferasyndan näçe uzakda bolsaň, gözegçilikleriň şonça-da takyk we dogry bolýar. Sebäbi infragyzyl şöhleler atmosferadaky suw buglaryndan geçende häsiýetlerini ýitirýärler. Şonuň üçin TAO mümkin bolan iň ýokary nokatda guruldy.

Alymlar bu teleskopy gurmak üçin 26 ýyllap býurokratiýa, meýilnamalaşdyrmak, býudjet düzmek we gurluşyk meseleleri bilen göreşdiler. Sebäbi dagda teleskop gurmagy kynlaşdyrýan zat oňa hiç hili ulagyň baryp bilmeýänligidir. Aslynda, Jeýms Webb teleskopy ideýa hökmünde bar bolmanka, TAO teleskopyny gurmak synanyşyklary başlandy.

TAO teleskopy Gün ulgamyny we giňişligini öwrenmek üçin möhüm işleri amala aşyrýar. Orbitada has gymmat teleskoplar hem bar, şeýle-de bolsa soňky ýyllarda açyşlaryň ep-esli bölegi ýer ýüzünde gurlan teleskoplar tarapyndan edildi. Sebäbi alymlara bu teleskoplar bilen işlemek has aňsat bolup durýar.

Aýlar RAHMANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok