Dünýäniň iň adatdan daşary şäherleriniň biri hasaplanýan Kober Pedi Awstraliýanyň Merkezi sebitinde ýerleşýär. Bu düşnüksiz we geň galdyryjy şäher ýerasty durmuşy, gazylyp alynýan magdanlary we täsin geografiýasy bilen tanalýar.
Kuber Pediniň iň belli aýratynlygy, onuň ýerasty ýaşaýyş ýerleri. Yssy howasy sebäpli köp öýler we iş ýerleri ýer astynda ýerleşýär. Bu ýerasty jaýlar yssy howanyň öňüni almak bilen birlikde energiýany tygşytlaýar. Şol bir wagtyň özünde, ýerasty magdanlardan boşadylan ýerasty otaglar jahankeşdeler üçin gyzykly bolup durýar.
Kuber Pedi gymmatbaha daş bolan opalyň köpüsini öndürýär we “Opal paýtagty” hökmünde tanalýar. Şäherde bu gymmat bahaly daşlary gazyp almak, gaýtadan işlemek we satmak boýunça uly pudak bar.
Kuber Pediniň gyrymsy we gury landşafty Marsy ýada salýan atmosfera eýe. Şol sebäpli bu täsin topraklarda köp sanly fantastiki filmler we teleseriallar düşürildi.
Kuber Pediniň yssy we gurak howasy asmanyň arassa we dury bolmagyny üpjün edýär. Şonuň üçin şäher asmany öwrenijiler üçin üçin ajaýyp ýerdir. Gijeki asmanyň astyndaky ýyldyzlary görmek üçin bu ýere köp sanly syýahatçy gelýär.
Merýem MYRATNIÝAZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler