Emeli aň adamlary aldatmagy öwrendi!

Emeli aň soňky ýyllaryň iň meşhur tehnologiýalarynyň biridir we köp hünärmenleriň pikiriçe, internet oýlanyp tapylandan soň iň möhüm tehnologiki açyşlardan biridir.

Häzirki wagtda şekil döretmekde, kod ýazmakda, maglumatlary seljermekde we başga-da köp ugurda öndürijilikli emeli aň bar. Bizi aldap bilmek hem emeli aňyň täze ukyplarynyň biri boldy.

Geçirilen täze gözleg, käbir emeli aň ulgamlarynyň “başga bir netijäni gazanmak üçin beýlekilerde ynandyryjy ýalanlary döredip biljekdigini” ýüze çykardy. Bularyň biri hem “Meta”-nyň “cicero” modeli bolup durýar.

Geçirilen gözleg iki tapgyrda geçirildi. Olaryň birinde ChatGPT ýaly umumy maksatly emeli aň modelleri, beýlekisinde Meta-nyň CİCERO emeli aň modeli ýaly ýörite maksatly emeli aň modelleri gözden geçirildi. Netijede, “CICERO” oýunda üstün çykmak üçin hilegärlige we aldawa baş goşýandygynyň üsti açyldy.

Beýleki tarapdan, “GPT-4” bolsa “CAPTCHA” synagyndan geçmek üçin “görüş ukybynyň” pesdigi ýalanyny sözledi. Gözlegçiler kanun çykaryjylary “aldawçy AI modellerine garşy has berk gözegçiligi amala aşyrmaga” çagyrdy.

Mahym ALTYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok