Daşky gurşawyň goragynda

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda belent joşgun, batly gadamlar bilen rowaçlanýar. Çünki, çuňňur hormatlanýan Prezidentimiziň taýsyz tagallasy, parasatly syýasaty netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşymyzyň ähli ugurlarynda hem düýpli özgertmelere, beýik başlangyçlara badalga berilýär. Arkadagly Serdarymyz : “Biz geljekde tebigata aýawly garamaga, onuň baýlyklaryny gorap saklamaga hem-de köpeltmäge, ykdysadyýete “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly üns bereris. Ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek çärelerini geçirmek arkaly ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine, howanyň üýtgemegi ýaly möhüm meseleleriň çözülmegine goşant goşarys” diýmek bilen, adamzadyň ýaşaýan ýeri bolan tebigat hakynda alada etmekligiň häzirki döwürde möhüm meseleleriň biridigini nygtap geçýär. Biziň ýurdumyz Türkmenistan hem şunuň ýaly möhüm meseleleri çözmekde dünýä jemgyýetçiliginde mynasyp orun eýeleýär. Daşky tebigy gurşawy goramak, onuň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, ilaty howpsuz, ekologiki taýdan arassa önümler bilen üpjün etmek ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir.

Bag ekmek – türkmen halkynyň durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Her ýylda ýaz we güýz aýlarynda köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň dabaraly ýagdaýda geçirilmegi, daşky tebigatymyzy goramak ugrunda alnyp barylýan möhüm işleriň biri hasaplanylýar. Meýdanlarda bag nahallarynyň köpçülikleýin ekilmekligi we bar bolan baglara ideg işleriniň geçirilmegi ekologiýa abadançylygynyň nyşanydyr. Şunuň ýaly asylly işleriň alnyp barylmagy türkmen halkynyň agzybir hem işjeň halkdygyny, tebigatymyzyň bolsa arassa, tämizdigini görkezýär. Şu ýylyň bahar paslynda tutuş ýurdumyz boýunça ählihalk bag ekmek dabarasy bellenilip geçildi. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda zähmet çekýän zähmetkeşler köpçüliginiň ählisi bu alnyp barylýan ekologiýa syýasatyny ýakyndan goldap, bu çärä işjeň gatnaşdylar.

Watanymyzyň ajaýyp tebigatyny giňden dünýä ýaýmakda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýaryn!

Aýgül ALTYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok