180 dereje öwrülip bilýän dünýädäki ilkinji suwasty gämi

Birleşen Arap Emirliklerinde ýerleşýän “Highland Systems” kompaniýasy geçen ýyl “NAVDEX” Deňiz Goranyş ýarmarkasynda “Kronos” atly gidrodinamiki örtükli suwasty gämi modeli bilen ilkinji gezek tanyşdyrdy.

“Highland Systems” kompaniýasy ilkibaşda suwasty abatlaýyş işleri we kaşaň syýahat çäreleri üçin suwasty ulaglary döretdi. Şeýle-de bolsa, kompaniýanyň esaslandyryjysy we baş dizaýneri Aleksandr Kuznetsow soňabaka harby operasiýalar üçin suwasty gämileri hem dizaýn etmäge başlady.

“Kronos” suwasty gämisi radar ulgamlaryna görünmezlik üçin ýörite material bilen örtülen polat korpus bilen üpjün edilen. Suwasty gämä 10 ýolagçyny rahat ýerleşýär. Suwda 3000 kilograma çenli ýüki göterip bilýän “Kronos”-yň boş agramy takmynan 10,000 kilograma deňdir. “Kronos” suwuň üstünde sagatda 80 kilometr tizlige ýetip bilýär. Onuň suwasty tizligi sagatda 50 kilometre deňdir. 100 metr çuňlukda hereket edip bilýän “Kronos”, iň ýokary kritiki çuňluga ýagny 250 metre çenli ýetip bilýär.

Dizel ýangyjy ýa-da batareýa bilen gibrid režimde işläp bilýän “Kronos”, doly zarýad berlende batareýa bilen 18 sagat işläp bilýär. Generator işjeňleşdirilende 36 sagat goşmaça iş wagty bilen üpjün edilýär. “Kronos”-yň iň täsir galdyryjy aýratynlygy, doly tizlikde duýdansyz 180 dereje öwrüm etmekdir. Kompaniýanyň pikiriçe, bu aýratynlyk dünýäde ilkinji bolup durýar.

Nagym SAPARBAÝEWA,

Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok