Gurluşyk wagtyny we zähmetini azaldyp bilýän jaý döretmek üçin dünýäniň iň uly üç ölçegli (3D) printerini döreden Amerikan kompaniýasy öz rekordyny täzeledi we uly şäherlerdäki ýaşaýyş jaýlaryny gurup biljek has uly printer öndürdi.
Maine uniwersitetinde tanyşdyrylan bu enjam “Gelejekiň zawody 1.0” diýlip atlandyrylýar we takmynan bäş ýyl ozal işe giren beýleki üç ölçegli printerden dört esse uly we güýçli zatlary çap etmäge ukyply. Termoplastiki polimerleri çap edýän iki printer hem ABŞ-da ýerleşýän Maine uniwersitetinde ýerleşýär.
Ilkinji gezek 2019-njy ýylda ulanylan ilkinji printer Ginnesiň rekordlar kitabynda dünýäniň iň uly polimer üç ölçegli printeri hökmünde tassyklanypdy. “BioHome3D” diýlip atlandyrylýan bu printer, çalt öý ýasamak ussatlygyndan peýdalanyp, gaýtadan işlenip bilinýän agaç süýümi we bio-rezin ýaly bio esasly materiallardan 600 inedördül metrlik öýleri döretmäge ukyplydy.
Täze printer robot amally täze datçikler, ýokary öndürijilikli hasaplaýyş we emeli aň ulgamy bilen üpjün edildi. Uzynlygy 29 metr, ini 10 metr we beýikligi 5,5 metr bolan üç ölçegli printer äpet gök kitiň ululygyndaky zatlary çap edip bilýär. Bu uly printer, 227 kilograma çenli material sarp etmäge ukyply.
Jahan SAHATOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler