Polşadaky Malbork galasy, dünýäniň iň uly galasy hasaplanylýar. Ol ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda orun alýar. Gala 2,27 million inedördül metr meýdany eýeleýär we got arhitekturasynyň iň gowy mysallaryndan biridir.
Malbork galasy biri-birine bagly gorag diwarlarynyň arasynda özüne üç galany, ýüzlerçe öýi, galla ammarlaryny, garymlary, merdiwanlary, uly labyrintleri özünde jemleýär.
Malbork galasynyň düýbi 1274-nji ýylda orta asyrlarynda rysarlar tarapyndan gurlupdyr. Gala iki ýyl 400 adam üçin ýeterlik iýmit saklap bilýärdi we şol wagtlar onda 3000 rysar ýaşaýardy.
1457-nji ýylda, on üç ýyllyk söweşde rysarlaryň harby güýji gowşap başlanda, gala Polşa goşuny tarapyndan ýesir alyndy. Köp ýyllaryň dowamynda bu gala Polşa şalarynyň öýüne öwrüldi. Şeýle-de bolsa, çozuşlar galanyň pese gaçmagyna sebäp boldy we 1800-nji ýyllarda hökümetiň goragynda saklandy.
Häzirki wagtda gala dikeldilen görnüşinde muzeý bolup hyzmat edýär. Galanyň resmi web sahypasyna görä, her ýyl galany görmäge 84 ýurtdan 300 müňden gowrak syýahatçy gelýär.
Altymuhammet ORAZGULLYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler