Norwegiýa wodorod bilen işleýän dünýädäki iň uly gämileri öndürer

Norwegiýa uzynlygy 117 metr bolan we 120 ulagy daşamaga ukyply wodorod bilen işleýän dünýädäki iň uly gämileri öndürer. Bu gämiler 2026-njy ýylda sargyt eden ýurda gowşurylar.

Norwegiýanyň gämi abatlaýyş kärhanasy “Myklebust Verft”, “Torghatten Nord” transport kompaniýasy tarapyndan sargyt edilen iki sany wodorod bilen işleýän paromyň gurluşyk işine eýýämden başlady. Bu gämiler 120-ä çenli ulag daşamak üçin niýetlenendir. Wodorod bilen goldanylýan äpet gämiler Bodø ve Lofoten şäherlerini biri-birine birleşdirer.

“The Norwegian Ship Design” kompaniýasy tarapyndan “Vestfjordstrekninga”-yň ýüzmesi kyn suwlarynda işlemek üçin niýetleniljek gämileriň gurluşygy 2026-njy ýylda tamamlanar. Taslama wodorod bilen beýle kyn we uzak ýolda hiç haçan amala aşyrylmandygy sebäpli, ähmiýeti gaty uludyr.

Gämileriň işleýän ýolunyň uzynlygy 278 kilometre barabar bolar. Gämileri herekete getirmek we ýangyç öýjüklerine gaz bermek arkaly kömekçi ulgamlaryny güýçlendirmek üçin bortdaky wodorod saklaýyş bölümi ulanylar. Iş ýolunyň çäginde gämileriň CO2 zyňyndylaryny her ýyl takmynan 26,500 tonna azaltmagyna garaşylýar.

Gunça SEÝIDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok