Ginnesiň rekordlar kitabyna görä, dünýäde iň uzyn söz 28 harp we 12 bogun bolan “antidisestablishmentarianism” atly sözdür. Mundan başga-da, okamak üçin 2 sagatdan 3 sagada çenli wagt alyp bilýän söz bar. Bu, 34 müňden gowrak aminokislotalardan ybarat iň uly belok bolan Titiniň doly himiki ady bolup durýat. Käbir adamlaryň pikiriçe, bu söz däl we himiýada ylmy zynjyryň doly adyny aňladýanlygy üçin “dünýäniň iň uzyn sözi” hasaplanyp bilinmez – diýlip çaklanylýar. Bu mesele boýunça hünärmenleriň pikiriçe, bu kesgitlemeler diňe sözleýiş formulalary we sözler hasaplanmaly däldir.
Ýene bir jedelli söz, Oksfordyň sözlüginde sanalan 45 harply söz “Pnewmonoultramikroskopiksilikovolcanokonioz”. Wulkanyň atylmagy netijesinde ýüze çykýan ownuk galyndylardan dem alynmagy netijesinde döreýän öýken keseli bolup durýar. Şeýle-de bolsa, gündelik aragatnaşykda ulanylmaýandygy sebäpli, iň uly belogyň ady ýaly, sözleýişden uzakda bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, dürli dillerde has uzyn sözler bar. Nemes dilinde 1999-njy ýylda çykarylan kanuny kesgitleýän “Rindfleischetikettierungsüberwachungsaufgabenübertragungsgesetz” atly 63 harply söz hem iň köp sözleriň biri hasaplanýar. Bu resmi däl saýlawly söz bolsa-da, resmi nemes sözlükleri iň uzyn sözi “Kraftfahrzeughaftpflichtversicherung” diýip kesgitleýär.
Mundan başga-da, Ginnesiň rekordlar kitabyna görä, dünýädäki iň uzyn söz 195 sanskrit harpyndan ybarat bolup, latyn elipbiýinde 428 harp bilen terjime edilýär.
Aýna ÖWEZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler