Dünýä bazaryndaky almazlaryň ýarysy häzirki wagtda sintetiki önümlerden durýar, ýagny laboratoriýada öndürilýär. Sintetiki önümlerden durýan almazlaryň 95 göterimi Hytaýda öndürilýär.
Hytaýda öndürilýän sintetik almazlar soňky ýyllarda sarp edijileriň ünsüni özüne çekdi. Senagat maglumatlaryna görä, laboratoriýada öndürilen almazlaryň bazardaky paýy 2021-nji ýyldan bäri artýar.
Häzirki wagtda halkara almaz bazarynyň takmynan ýarysy sintetiki önümlerden durýar. Bu almazlaryň bahasy arzan bolansoň, isleg has ýokary bolup durýar.
Hytaýyň merkezinde ýerleşýän Henan welaýaty, dünýäde iň möhüm sintetik almaz önümçilik bazasydyr. Dünýädäki almaz önümçiliginiň 95 göterimi Hytaýda öndürilýär.
Henan welaýaty her ýyl 12 milliard karat almaz öndürýär we ýurt önümçiliginiň 80 göterimini tutýar. Olaryň köpüsi Hindistanda gaýtadan işlenenden soň Ýewropa şeýle-de Demirgazyk Amerika ýaly dürli sebitlere eksport edilýär.
Ýewropada we ABŞ-da satylýan toý ýüzükleriniň köpüsi adam tarapyndan öndürilen almazlar bolup durýar. Sintetik almaz, tebigy ýüze çykýan almaz bilen birmeňzeş uglerod gurluşyna eýedir.
Gunça MYRATGELDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler