Emeli aň çat-boty “ChatGPT”-ni dörediji “OpenAI”, Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda Aziýa sebitinde ilkinji ofisini açdy.
“OpenAI”-yň beren beýanynda kompaniýanyň “Adamzada zyýansyz emeli aňy öndürmek” şygary bilen hereket edýändigi aýdyldy we “Tokiony tehnologiýa, hyzmat medeniýeti we jemgyýeti boýunça dünýädäki öňdebaryjylygy sebäpli Aziýadaky ilkinji ofisimiz hökmünde saýladyk” – diýdi.
Täze ofisiň, “OpenAI” önümlerinden we çylşyrymly iş prosesleriniň awtomatlaşdyrylmagyndan peýdalanýan “Toyota”, “Rakuten” we “Daikin” ýaly korporatiw müşderiler bilen aragatnaşygy tizleşdirjekdigi nygtaldy. Beýanatda kompaniýanyň häzirki ýapon bazary üçin tekstleri terjime edýän we jemleýän ýapon bazary üçin ýaponlar üçin optimallaşdyrylan ýörite çat-botyň işe girizilendigi bellenildi.
Kompaniýa täze ofisiniň üsti bilen müşderi goldawyny goşmak bilen korporatiw hyzmatlary hödürlemegi we Ýaponiýanyň içinde dolandyryş çarçuwasyny döretmegi meýilleşdirýär.
“OpenAI”-yň baş ýerine ýetiriji direktory Tokiodaky ofisini Ýaponiýanyň halky we işewür dünýäsi bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk boljakdygyna umyt edýän ilkinji ädim hökmünde häsiýetlendirdi.
Ýeri gelende belläp geçsek, “OpenAI”-yň Ýaponiýada 2 milliondan gowrak müşderisi bar. ABŞ-da ýerleşýän halkara amallaryny gowulandyrmagy maksat edinýän emeli aň önümlerini öndüriji “OpenAI” 2023-nji ýylda Londonda we Dublinde ofis açandygyny habar beripdi.
Merdan ALLAGULYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler