Ispaniýa döwletinde bellenilýän baýramçylyklar

Ispaniýa döwleti dünýäniň iň bir ösen döwletleriniň biri bolmak bilen ol ýurtda geçirilýän baýramçylyklar, dynç alyş çäreleri, festiwallar dünýäniň beýleki döwletleri bilen deňeşdireniňde has-da täsinligi we köplügi bilen tapawutlanýar. Ispaniýanyň kanunlaryna görä ýylda 14 sany resmi baýramçylyklary bar bolup onuň 9 sanysy döwlet derejesindäki baýramçylyklardyr, galany bolsa dini baýramlar hem-de welaýatlaryň (regionlaryň) baýramlarydyr. Eger-de resmi baýramlaryň biri dynç gününe düşse Ispaniýanyň raýatlary şol aýda iki gün dynç alyş bellemäge hukuklydyr.

Ispaniýa döwletiniň iň esasy baýramçylygy bu Ispanidad günüdir (Dia de Hispanidad). Ol her ýylyň 12-nji oktýabrynda bellenilip geçilip 1492-nji ýylda Ispan gözleg ekspedisiýasynyň Hristafor Kolumbyň ýolbaşçylygynda Täze ýer bölegini açan güni hasaplanýar.

Ispaniýada geçirilýän festiwallar dünýäde iň gyzykly baýramçylyk şüweleňleri hasaplanýar. Mysal üçin Ispaniýanyň Tenefire adasynda her ýyl gurnalýan Tenefire şüweleňini görmäge dünýä döwletlerinden birnäçe müň syýahatçylar gatnaşýar. Mundan başgada:

  • Öküzleriň ylgawy;
  • Sewil ýarmarkasy;
  • La tamatina festiwaly;
  • Walensiýanyň otly şüweleňi;
  • Howa şarlarynyň festiwaly;
  • Walentina güni we ş.m

Dini baýramçylyklaryna hem has uly üns berýän bu döwletde awgust aýynyň 15-ne mukaddes Dewanyň baýramçylygy bellenilýär. Ýerli halkynyň ynanjyna görä Mariýa Dewa şol güni ýerdäki ýaşaýşyny tamamlap asmana uçupdyr. Her ýylyň 23-nji aprelinde bolsa iň bir gyzykly we uludan bellenilip geçilýän baýramçylygy Mukaddes Georgiýa günüdir. Şeýle-de her ýylyň 1-nji maýy Ispaniýada Zähmet güni bellenilip geçilýär.

Selbi MAHMUTJANOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok