Dünýäde näçe web saýt hereket edýär?

Häzirki wagtda dünýäde “Internet” diýen sözi gündelik durmuşymyzyň möhüm bölegine öwrüldi. Adamlaryň gündelik durmuşynda ekran arkaly habarlaşmak üçin has köp wagt sarp edýändigini belläp bileris. 2021-nji ýyldaky maglumatlara görä, interneti işjeň ulanyjylaryň sany 4,89 milliard adama ýetdi. Bu bolsa geçen 12 aýyň dowamynda internet ulanylaryň sanynyň 332 million artandygyny görkezýär. Başgaça aýdanymyzda her gün 900 müň adam internet bilen tanyşýar. Şeýlelikde dünýä ilatynyň 60 göterimi üçin internet elýeterli. Global internet ulanyjylar her gün 7 sagadyny internete aýyrýar. Internet ulanyjylaryň 90 göterimden gowragy internete mobil telefonlaryň üsti bilen girýär.

Sosial ulgamy näçe adam ulanýar?

Dünýädäki sosial ulgamlary işjeň ulanyjylaryň sanawy 4,33 milliard adama deň boldy. Şeýlelik bilen, dünýä ilatynyň 55% göterimi işjeň sosial ulgamy ulanyjylarydyr. Häzirki wagtda her 10 adamdan 6-synyň internete aralaşmak mümkinçiligi bar. Soňky 12 aýyň dowamynda sosial ulgamy ulanyjylaryň sany 521 milliona çenli artypdyr. Her ýyl global internet ulanyjylaryň sany ortaça 7 göterim artýan bolsa sosial ulgamda bu artyş 13 göterimden hem ýokarydyr. Sosial ulgam ulanyjylar her aý ortaça 6,3 sany sosial ulgamy ulanýar. Sosial ulgamy ulanyjylar her günüň 2 sagat 22 minudyny bu ulgama sarp edýärler. Olar sosial ulgama (99 göterim) mobil telefon arkaly girýärler.

Bellemeli zat, dünýäde häzirki döwürde mobil telefon ulanyjylaryň sany 5,27 milliarda barabardyr, bu bolsa soňky 12 aýyň dowamynda 97 million adamyň mobil telefonyň eýesi bolandygyny görkezýär.

Ilkinji web saýt haçan döredildi?

1991-nji ýylda britaniýaly fizik Tim Berners – Li Ýewropada CERN guramasynda işleýärkä, dünýäde ilkinji web-serwer, saýt we brauzer döredipdir. “World Wide Web” web saýty ilkinji gezek 1991-nji ýylyň 6-njy awgustynda ulanyşa hödürlenipdir.

1994-nji ýyla çenli 3000 töweregi saýt döredilip, şolardan biri hem iň ýaş “Yahoo!” saýty bolupdyr. 1998-nji ýylda bolsa “Google” saýty ulanyşa berlipdir. 2016-njy ýylda bolsa jemi saýtlaryň sany 1 milliarda ýetipdir. 2021-nji ýyla çenli dünýäde döredilen web saýtlaryň sany 1,85 milliarddan hem gowrakdyr.

Nigara ALIJANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok