3 müň ýyllyk hazynada “dünýäde ýok” metallar tapyldy

Alymlar 1963-nji ýylda Ispaniýadan tapylan 59 sany altyn çaýylan tapyndylaryň ýygyndysy bolan “Villena” hazynasynda täze derňew işlerini geçirdiler we üýtgeşik we täsin iki zady tapdylar. Olaryň biri meteorik demir bolup durýar. Demirden we nikelden ybarat meteorik demir meteoritlerden tapylýan irki älem galyndysy bolup durýar.

Toparyň çaklamalaryna görä, altyn çaýylan bir başgap we bilezik bir million ýyl ozal Ýere gaçan meteoritde bar bolan materiallary öz içine alýar. Geçirilen gözlegler, ýüze çykarylan metallaryň käbir ýere gaçýan meteoritleriň käbirinde tapylýandygyny ýüze çykardy.

Edil şuňa meňzeş “dünýäde ýok” material Tutankhamunyň mazaryndan tapyldy. Alymlar Ýere gaçan meteoritleri moda obýekti hökmünde ulanmak müňlerçe ýyl ozal adaty bir zatdy, diýip çaklaýarlar.

Iberiýa ýarym adasynda ýüze çykarylan “Villena” hazynasy adamlaryň daşdan bürünje haçan geçendigini hem ýüze çykardy. Bu tapyndylar ýygyndysy arheolog Joze Mariýa Soler tarapyndan 1963-nji ýylyň dekabrynda “Rambla del Panadero” atly gury derýany gazýarka tapdy. Şondan soň hazynalar şäheriň arheologiýa muzeýinde saklandy we täze derňewler “keseki metallary” ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi.

Hanbeg HUDAÝKULYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok