Ummanlar alymlar üçin entegem uly syr bolup galýar. Ummanlar köp gudratlaryň mekanydyr. Bularyň arasynda iň meşhury, dünýäniň iň çuň ýeri hasaplanylýan Mariana çöketligidir. 147 ýyl ozal Iňlis gämisi «HMS Challenger» tarapyndan açylan bu çukur çöketlik şondan bäri müňlerçe ylmy gözlegleriň mowzugy bolup gelýär.
Şu wagta çenli diňe birnäçe adamyň we gözleg ulaglarynyň ýetip bilmedik bu çöketligi dünýäniň iň çuň nokady hökmünde bellidir. Onuň çuňlugy 10,994 metrde ýetýär. 2012-nji ýylda Jeýms Kameron çöketlige girip gördi ýöne iň çuň nokadyna çenli ýetip bilmedi.
Mariana çukury ABŞ-nyň goralýan sebitine degişli bolup, bu äpet çöketlik iki sany uly gatlagyň çaknyşmagy netijesinde emele gelipdir. Ol özünde birnäçe suwasty wulkanlary jemleýär.
Mariana çukuryndaky ýokary basyşa garamazdan çöketlikde ýaşap bilýän janly-jandarlar bar diýlip çaklanylýar. Emma gynansagam çukuryň düýbi gaty hapa.
Mariana çukurynyň ilkinji gezek 1875-nji ýylda üsti açyldy. Çukuryň içine bir Ewerest sygyp bilýär. Çöketlik Ýeriň dördünji polýusy diýlip hem atlandyrylýar.
Zöhre BAÝRAMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler