Gyş gutaryp barýar, golaýda bahar

Gyş pasly özüniň ak gary, sowuk howasy bilen ömürlerde öçmejek yz galdyryp jemlenip barýar. Iň gysga aý bolan fewral aýynyň dört ýyldan bir gezek gaýtalanýan 29-njy güni geçerem welin gapylary bahar kakar. Diňe bir ömürlerde däl ýatlarda, kalplarda yz goýan ak donly gyş paslyny söýýänlerem kän.

Gyş pasly dört möwsüme bölünip, olara garagyş, uly çille, kiçi çille, ahyrky garagyş diýilýär. Ahyrky garagyş 8-nji fewraldan 21-nji fewrala çenli, ýagny 14 gün (iki hepde) dowam edýär. Diňe şondan soň Magtymguly Pyragynyň setirlerinde belleýşi ýaly: “togsan dolup” bahar gelýär.

Gyş günleri hakynda ata-babalarymyz köp sanly nakyllary döredipdirler: «Ýalkasam — ýazdyryn, gargasam — gyşdyryn» ýa-da “Ýalkasam — süýt-gatyk iýdirerin, gazap etsem — kellebaşaýak”, “Gyş suwy — gyzyl suwy”, “Gyşyň gary-ýazda däri” we ş.m.

Gyş paslynyň tamamlanmagyna sanly günler galan bolsa hem ýyly geýinmegi hem-de özümizi pasyllaýyn kesellerden goramagy unutmaly däldiris.

Agamyrat HOJAMBERDIÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok