Ensiklopediýa näme?

Ensiklopediýalar – bu köptaraply sözlükler bolup, ol bilimleriň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Ensiklopedik sözlükde ol ýa-da beýleki söz bilen atlandyrylan predmetler, şahslar, hadysalar barada giňişleýin maglumat berilýär. Haýsydyr bir şahs, predmet, hadysa barada gürrüň berilýän meselesi boýunça gysga ýöne çuň düşündiriş berýär. Ensiklopediýany düzmäge ylmyň dürli ugurlaryndan iň taýýarlykly alymlar çekilýär we umumy talaba laýyklykda belli ölçegde ýazylýar. Ensiklopediýa sözi grek sözünden gelip çykyp birnäçe görnüşli maglumatlaryň köplenç ýagdaýlarda elipbiý yzygiderliginde ýerleşdirilip düşündirilmegidir. Ensiklopediýada berilýän maglumatlar sözlükdäkilerden köpdür we düşnüklidir.

Dünýäde iň gowy we iň köp maglumaty özünde jemleýän ensiklopediýa diýlip hasaba alnan bu Britan ensiklopediýasydyr. Britan ensiklopediýasy bu bir hususy firmanyň önümi hasaplanýar.

Ensiklopediýalar dogry maglumaty ýa-da soragyň jogabyny has anyk we çalt tapmak üçin esasy maglumat çeşmesi bolup durýar. Ensiklopediýa okamak adamyň ähli babatda düşünjesiniň artmagyna getirýär. Dünýä belli ensiklopediýaçylaryň iň esasysy 990 maddany ýazan Diderotdyr. Häzirki wagtda dünýäde köpçülikleýin we syýasy taýdan ensiklopediýalar bilen ýa-da Ensiklopedizm bilen gyzyklanýarlar. Ensiklopediýalar belli bir yzygiderlige görä taýýarlanyp dürli mowzuklary öz içine alyp bilýärler.

Owadan BABAHANOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok