Göçýän ýabany haýwanlary goramak boýunça BMG-niň maslahaty geçirilýär

12 – 17-nji fewralda BMG-niň Göçýän ýabany haýwanlary goramak boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň 14-nji mejlisi (CMS COP14) geçirilýär.

BMG-niň Göçýän ýabany haýwanlary goramak boýunça Konwensiýasy 1979-njy ýylda Germaniýanyň Bonn şäherinde gol çekildi we 1983-nji ýylda güýje girdi. Konwensiýanyň agzalary bolup 133 ýurt çykyş edýär. Türkmenistan 2020-nji ýylyň awgust aýynda bu Konwensiýa goşuldy (şol bir wagtyň özünde Afro-Ýewraziýa göçüp barýan suw guşlaryny goramak baradaky şertnama goşulýar). Konwensiýa göçüp barýan haýwanlaryň geçýän dürli döwletlerini birleşdirýär we migrasiýa çäginde halkara derejesinde ylalaşylan gorap saklamak çäreleri üçin kanuny esas berýär.

CMS COP14 hökümetleri, alymlary we gyzyklanýan taraplary göçüp gelýän görnüşleri we olaryň ýaşaýan ýerlerini gorap saklamak strategiýasy barada ylalaşjak ýokary derejeli halkara konferensiýadyr.

BMG-niň konferensiýasy “Tebigat serhetleri bilmeýär” mowzugy astynda geçiriler, bu çäräniň nyşany bilen birlikde göçüp barýan görnüşleriň syýahatynyň syýasy serhetleri bozýandygyny we olaryň ýaşamagynyň halkara hyzmatdaşlygyna we biodürlüligi gorap saklamak babatda serhetaşa tagallalaryna baglydygyny ýatladýar. Bu çärä BMG Daşky gurşaw maksatnamasynyň ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen, Halkara tebigaty goramak bileleşiginiň baş müdiri Gretel Aguilar, Global daşky gurşaw desgasynyň başlygy we baş direktory Karlos Rodriges, Daşky gurşaw ministrleri gatnaşar diýlip garaşylýar. gurultaýa gatnaşýan ýurtlaryň, halkara daşky gurşaw şertnamalarynyň sekretarýatlarynyň we öňdebaryjy ylmy toparlaryň ýolbaşçylary gatnaşarlar.

Dursun NYÝAZBERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok