“Dragon Oil” Hazar deňziniň türkmen bölegindäki guýulary burawlap başlar

Birleşen Arap Emirlikleriniň “Dragon Oil” kompaniýasy şu ýyl Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 19-njy blokda guýulary burawlap başlar. Bu barada “Dragon Oil” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al-Jarwan duşenbe güni Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezine beren söhbetdeşliginde mälim etdi.

Ali Raşid Al-Jarwan kompaniýanyň hünärmenleriniň bu ýatakda seýsmiki gözleg işlerini üstünlikli tamamlandyklaryny, indi bolsa geologik barlag işlerine geçýändiklerini belledi. Şeýle hem ol kompaniýanyň “Türkmennebit” döwlet konserniniň tehniki aýratynlyklaryny öwrenendigini aýtdy.

Kompaniýanyň Baş ýerine ýetiriji direktory 19-njy blokda gözlegleri we gazyp almak işlerini geçirmekde täze tapgyryň başlanýandygyna ynanýandygyny hem-de “Dragon Oil” bilen “Türkmennebit” döwlet konserniniň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk meýilnamalarynyň bardygyny belledi.

Ali Raşid Al-Jarwan “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen duşuşmak üçin sapar bilen Aşgabada geldi. Duşuşygyň dowamynda taraplar bilelikdäki işleriň netijesinde toplanan tejribäni we ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Türkmenistanyň geljegi uly meýilnamalaryny hasaba almak bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy üstünlikli giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da duşuşykda häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazaryny ösdürmäge işjeň gatnaşyjy ýurtlaryň hataryna girendigi bellenildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok