Hazaryň türkmen bölegindäki guşlar hasaba alynýar

Hazar deňziniň türkmen böleginde gyşlaýan guşlary hasaba almak maksady bilen Balkan welaýatynda halkara ornitologiýa topary işe başlady. Toplumlaýyn topar Merkezi Aziýanyň Ramsar sebit başlangyjynyň alymlaryndan, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň bilermen-auditoryndan we Hazar döwlet goraghanasynyň ornitologlaryndan ybaratdyr. Şeýle hem toparyň işine Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň hünärmenleri, Hazar Ekologiýa gözegçiligi gullugynyň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri gatnaşýarlar.

Toparyň wezipesi dünýä ähmiýetli suwly-batgalyk, şol sanda Türkmenbaşy aýlagy bilen birlikde Hazaryň kenaryndaky guşlary meýilnama görä hasaba almakdyr. Hasaba alyş toparynyň işiniň barşynda hünärmenler Hazar deňziniň türkmen bölegindäki guşlaryň ýaşaýan ýerleriniň çägini we hilini öňki ýyllardaky maglumatlar bilen deňeşdirmek üçin 33 ýeri gözden geçirerler.

2023-nji ýyldaky maglumatlara görä, Hazar deňziniň türkmen böleginde suwda-batgalykda ýaşaýan guşlaryň we olary awlaýan guşlaryň 8 topara degişli 38 görnüşi hasaba alyndy. Guşlar 128 669 başdy. Gyzyl kitaba girizilen gyzylinjikleriň we gorçylaryň sany ep-esli artdy. Şeýle hem ýurdumyzda gyşlamaga juda seýrek gelýän we köp sanly myhman guşlar hem hasaba alyndy.

Şu ýyl täze suwly-batgalyk ulgamlaryň emele gelýän ýerlerine we ösüşine täsir edýän tebigy hem-de senagatlaşma zerarly döreýän ýagdaýlara aýratyn üns berler. Topara gatnaşyjylar 27-nji ýanwara çenli kenar ýakasynda 400 kilometr meýdany öwrenerler. Ol iki tapgyry – Türkmenbaşy şäherinden Gazagystana çenli we Türkmenbaşy şäherinden Eýran bilen serhet aralygy öz içine alýar.

Meýilnama boýunça ilki onuň demirgazyk, soňra bolsa günorta bölegi gözden geçiriler. Hünärmenler topary Çeleken ýarym adasyna baryp görerler we ol ýerde Demirgazyk we Günorta Çeleken aýlaglarynyň kenarlarynda hem-de olara golaý ýerlerde ornitologik we gidrologik ýagdaý bilen tanşarlar. Şol sebitdäki guşlary hasaba almak boýunça işler her ýylyň ýanwar aýynda Ramsar konwensiýasynyň howandarlygynda onuň 2016 – 2024-nji ýyllar üçin Strategiki meýilnamasynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça amala aşyrylýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok