Akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň V saýlama oýny geçirildi

Düýn türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlar mekdebiniň guramagynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň V saýlama oýny geçirildi. «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty — umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» atly umumy şygar astynda geçirilýän III möwsümiň V saýlama oýny «Gajar döwletiniň XVIII asyrdaky – XIX asyryň I çärýegindäki halkara gatnaşyklary we daşary syýasaty» diýen tema boýunça geçirildi.

Netijede Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 35-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Gülaýym Bakyýewa we Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Seýitmuhammet Gurbangeldiýew bäsleşigiň ýarym final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijiler we bäsleşige gatnaşyjylar hemaýatkärler tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. Şeýle-de olara institutyň adyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň V saýlama oýny Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy tarapyndan bilelikde ýazgy edildi. Bäsleşik ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymynda tomaşaçylara ýetiriler.

Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok