Agyr häsiýetli ýolbaşçylar bilen aragatnaşyk etmeklik köp wagtyňy we güýjüňi alýar. Bular ýaly ýolbaşçylar barada has doly maglumat alar ýaly amerikaly alymlar J. Kennet, Mateýk we Riçard J. Densing tarapyndan düzülen «on sany has agyr bosslaryň» häsiýetnamasyna seredip geçeliň!
- «Jenjelçi» – gykylykçy, berk, gorkuzyjy. Ol beýlekileri gözegçilikde saklamaga ymtylýar, hökmürowanlyk üçin göreşýär, emma özüniň kämilsizliginden gorkýar, şol sebäpli-de töweregindäkilere ýakynlaşmakdan çekinýär. Onuň bilen parahat we berk gürleşmeli, myjabat atmasyna jogap bermän, gözüne göni we açyk seretmeli, öz gorkyňy gözegçilikde saklamaly. Haçan-da onuň energiýasy gutaryp ugranda, başlangyjy öz eliňe almaly we göni çaknyşmadan gaçmaly.
- «Äwmezek» – mähirli, mylaýym, hoşniýetli, emma her edip hesip edip anyk hereketden gaça durýar, umumy häsiýetli tassyklamalar bilen gutulýar, ýalňyşmakdan gorkýar we meseläniň çözgüdini soňa goýýar. Onuň sussyny basmaly däl-de göwnüni götermeli, ynamlylygyny ýokarlandyrmaly, jogapkärçiligiň bir bölegini öz üstüne almaly we şol bir wagtyň özünde onuň nazarynyň wajypdygyny görkezmeli.
- «Göreşiji» – duýdansyz gaty gaharlanyp bilýär: köp gygyrýar, hemme kişä hüjüm edýär, soňundan bolsa tutuklyk bilen dymýar. Onuň üçin adalatlylygy dikeltmek-maksat, ar almak bolsa ýarag bolup durýar. Oňa döredijilikli garşy durmaly, energiýasyny meseläni çözmek işine gönükdirmäge ymtylmaly.
- «Ýaranjaň» – hemişe ýylgyrýar, mähirli, wäşi, adamlara olaryň eşitmek isleýän zatlaryny aýdýar, göni gepleşmekden we göni hereketden gorkýar, töwerekden özüniň makullanmagyny isleýär. Oňa hakyky däl söz bermäge ýol bermeli däl , emma jogapkärçiligi gollamaly we faktlary talap etmeli.
- «Pessimist» – hemmäni günäleýär, elmydama nägile, özüni aýaýar, illere ynananok, kemçiliklerini ýapjak bolup ymtylýar. Onuň bilen jedel etmek bolanok, emma ters pikirleri paýlatmaly däl. Onuň meselelerine döredijilikli çemeleşmeli, eger gowy bolan ýagdaýynda işe özbaşdak başlamaly.
- «Köpbilmiş» – köp zady bilýär, emma hemme zady bilýän ýaly hereket edýär. Sabyrsyz, diňlemäge ukyply däl, hemme zat-da beýlekileri günäleýär, kollektiwleýin işi ýigrenýär, töweregindäkileriň ýanynda abraýyny dökmekden gorkýar. Onuň bilen jetleşmeli däl, gowusy köp diňlemek, soramak, minnetdarlyk bildirmek.
- «Garasöýmez» – adatdan daşary içi pikirli, emma beýleki adamlaryň göwnüne degmekden gorkýar, onuň üçin hem passiw.
- «Ýeterliksiz bilimli» – köp zada düşünenok, emma köp zada göz dikýär. Öz kemçiliklerini aýan etmekden gorkýar, özgäniň esasy pikirlerini ogurlap özüniňki ýaly edip görkezip bilýär.
- «Aňkaw» – zatlaryny tapyp we ähmiýeti kesgitläp bilenok, işde bulam-bujar, harsal, öz işi üçin jogapkärçilik çekesi gelenok. Oňa şahsy we professional durmuşynda tertibe girmäge kömek etmeli.
- «Anomal» – özüni alyp barşy hemme gatnaşykda çäkden gyşarýar. Jogapkärçilikden gorkýar. Şular ýaly gyşarmalaryň hemmesini resmileşdirmeli we gerek ýerinde özüňi goramaly. Aktiw gözügen ýolbaşçylaryň pozitiw görnüşine «açyklar» atlandyrylýanlar girýär. Olar hökmürowanlyga we özgertmä umumy bähbit üçin ymtylýarlar. Adat boýunça olar ýokary ahlakly we ýetişen professionallar bolýarlar. Olary üç topara bölýärler: professional, şahsy we işjeň häsiýetleri.
Laçyn HUDAÝBERDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler