Ýaşlygyň ýatdan çykmajak serpaýy

Ýaşlygyň belent hyjuwy, ajaýyp netijeleri bilen jemlenen üstünlikli ýylymyz gezegini joşguny egsilmejek «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna geçirdi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly kelamyndan gözbaş alan bu ýylymyzyň ady diýseň gymmatlydyr. Biz bu ýyly uly ruhubelentlik bilen garşyladyk. Täze ýyl baýramçylygynyň öňýanynda elimize gymmatly sowgat bolup gowşan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyny ýüzümize syldyk. Kitabyň ýaşlaryň mertebeliligi, nesle bolan ynam, buýsanç hakyndaky ýazgylary, esasan-da, ýaşlaryň täze döwrümizde gazanan sepgitlerine buýsançnamasy kalbyňa täsir edýär. Ýaşlar bilen birlikde täze üstünliklere ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ruhlandyryjy sözi Gahryman Arkadagymyzyň ynsan ömri hakyndaky taglymatynyň dowamatydyr. Bu taglymat ýaşamaga, döretmäge güýç-kuwwat berýär.
Kitap hakynda söhbet edilende, onuň manysyna, mazmunyna üns çekilýär. Elimiz täze kitaply beýik Pyragynyň ady bilen baglanyşykly ýyla gadam basdyk. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp goşgusyndan ugur alan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz ýürekleri buýsandyrýar. Magtymguly Pyragynyň ady, nakyla öwrülen şygyr setirleri üç asyryň dowamynda türkmeniň gündelik durmuşynyň hemdemi, adamlaryň ruhy söýegi, akyl hazynasy bolup ýaşady. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Magtymguly Pyragynyň şanly senesi bütindünýä baýramyna öwrüldi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji mübärek eseri bilimli ýaşlara, eziz Watanymyza bolan buýsançdan söz açýar. Munuň özi nusgalyk kitabyň ýol-ýörelgediginiň aýdyň beýanydyr. Ýokary hilli neşir edilişi we döwrebap bezegi bilen tapawutlanýan täze kitap ähli watandaşlarymyz, aýratyn-da, ýaşlar üçin beýik işlere ruhlandyrýan gollanma bolar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mundan beýläk hem galamynyň ýiti, ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris!

Nazar ÝAŇYBAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok