Brýussel Türkmenistan bilen gatnaşyklary giňeltmäge taýýar

Ählimize mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belledi. Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peska özüniň Täze ýyl ýüzlenmesinde Brýusseliň Türkmenistan bilen gatnaşyklary ähli ugurlarda giňeltmäge taýýardygyny nygtaýar.

Ýüzlenmäniň beýanatyna görä, Beata Peska «Biz 2024-nji ýylda dürli ugurlarda Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge çalyşýarys. Dünýä üçin kyn bolan bu ýyly yzda galdyrmak bilen, biz ýüregimizde täze ýylyň bize parahatçylyk we adalatlylyk, rowaçlyk, üstünlik we täze öňegidişlikleri getirjekdigine bolan berk ynamy saklaýarys» diýip, belleýär.

Şeýle-de, ol Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygynda geçen ýylda gazanylan üstünlikleri bellemek bilen, ýurduň Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa ministrler duşuşygyna gatnaşmagynyň möhümdigini aýratyn belläp geçdi. Täze 2024-nji ýylda hem şeýle formatdaky duşuşygy kabul etmäge taýýardygyna minnetdarlyk bildirdi.

Güljeren ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok