Saýawan

Saýawan, takmynan, biziň eýýamymyzdan öňki XII asyrda Gadymy Müsürde ýüze çykypdyr diýlip çaklanylýar. Ol wagtlar saýawanlar diňe Günden goranmak üçin ulanylypdyr. Bu saýawanlar papirusyň hem-de beýleki agaçlaryň ýapraklaryndan ýasalypdyr. Ýagyşdan goranmaga niýetlenen saýawanlar bolsa Hytaýda ýüze çykypdyr.

Erkek kişiler Günden goranmak üçin ak, ýagyşdan goranmak üçin bolsa gara reňkli saýawany ulanypdyrlar. Zenanlar bolsa dürli reňkli nah we ýüpek matalardan tikilip, üsti gymmat bahaly daşlar bilen bezelen saýawanlary ulanypdyrlar. Bu saýawanlaryň tutawaçlary gül agajyndan ýa-da bambukdan ýasalyp, onuň ýüzüne eýesiniň ady ýazylýar eken.

Saýawan «umbros» diýen latyn sözünden gelip çykyp, ol «kölege» diýen manyny berýär.

1830-njy ýylda Beýik Britaniýanyň London şäherindäki «James Smith and Sons» atly kärhana ilkinji bolup saýawan öndürip başlaýar. Bu ýerde öndürilen saýawanlaryň tutawaçlary kitiň süňkünden we tagtadan ýasalypdyr. 1852-nji ýylda bolsa Samuel Foks atly öndüriji tarapyndan saýawanyň dürli görnüşleri öndürilip başlanýar. Ilkinji ýygnalýan saýawan 1969-njy ýylda Bradford Filips tarapyndan oýlanyp tapylýar.

Gülçemen GURBANNAZAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok