Diňe süýt ba­ra­da

  • Ýer ýüzüniň ilatynyň her gün 1,5 million litr, ýylda bolsa 580 million litr süýt sarp edýändikleri halkara bilermenleriň geçiren barlaglary netijesinde ýüze çykaryldy.
  • Süýdüň adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmakda ähmiýeti diýseň uludyr. 100 ýaşan adamlaryň, esasan, süýt, gök önümler we miweler bilen iýmitlenendigi anyklanandyr.
  • Süýdüň umumy düzüminiň 90 göterimini suw emele getirýär. Süýtde azyndan 80 witamin we mikroelement bardyr. Türgenlere türgenleşiklerden soňra süýt içmekligiň maslahat berilmegem şonuň üçindir.
  • Dünýäniň ilatynyň her gün 1,5 million litr, ýylda bolsa 550 million litre golaý süýt sarp edýändikleri bilermenleriň geçiren barlaglary netijesinde mälim boldy.
  • Bir kilogram ýag almak üçin 21 litr süýt, bir kilogram peýnir almak üçin 10 litr töweregi süýt gerek bolýar.
  • Düzümi boýunça sygyr süýdi saglyga has peýdalydyr. Onda ynsan bedenine zerur bolan aminokislotalar bilen üpjün edýän üç ýüz esse çylşyrymly belok kazein bar.

Bägül TOGALAKOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok