Ýylyň jemini jemlemek

Bilermenler her günüň jemini jemlemegiň, geçen günden netije çykarmagyň geljekdäki maksatlaryň amala aşyrylmagynda uly ähmiýetiniň bardygyny nygtaýarlar. Edil şonuň ýaly ýylyň jemini jemlemek hem geljek ýyly meýilnamalaşdyrmak durmuşymyzda oňyn netijeleriň gazanylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Netije çykarmagyň ilkinji basgançagynda geçen ýyl täze ýyl üçin düzen meýilnamaňyzy seljeriň. Edilen işleriň üstüni çyzyp ýetişilmedikleriniň ýa-da başa barmadyklarynyň deňine bellik ediň. Gazanan üstünlikleriňizi aýratyn sahypa uly harplar bilen ýazyň. Soňra goýberen ýalňyşlaryňyzy belläň. Gündeligiňizde bu bellikleri aýratynlandyryp reňkli galam bilen çyzyň.

Ikinji basgançakda geljek täze ýyl üçin maksatlaryňyzy meýilnamalaşdyryň. Geçen ýyldan galan işleriňizi sanawyň ýokarsyndan ýazyň. Iň ownujak işlerden beýiklerine garşy beýgeliň. Şonda her başarnykly maksadyňyz sizi täze ýeňişlere ruhlandyrar.

Iň esasy zat arzuw etmekden dänmäň. Maksatlaryňyzy mydama belentden tutuň. Şonda meýilnamaňyzyň üçden ikisini berjaý edeniňizde-de durmuşyňyzda ýeten sepgitleriňiz göwne makul bolar.

Mehriniso SATTAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok