Biodürlülik sammiti 2024-nji ýylda Kolumbiýada geçiriler

Günorta Amerikada ýerleşýän Kolumbiýada 2024-nji ýylda “Biodürlülik sammitiniň” (COP16) geçiriljekdigi habar berildi.

Berlen beýanatda Kolumbiýanyň biologiki dürlüligi boýunça dünýädäki iň baý ýurtlaryň biridigi we Kolumbiýanyň Prezidentiniň biologiki dürlüligi goramak we aýawly saklamak üçin halkara derejesinde tagalla edýändigi mälim edildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Biologiýa dürlüligi baradaky konwensiýasynyň wagtlaýyn prezidenti Deýwid Kuper öz beýanynda: “Kolumbiýa hökümetiniň COP16-ny kabul edýändigine begenýäris. Kolumbiýanyň birnäçe wagtdan bäri ägirt uly biologiki dürlüligi özünde jemleýändigini ýadymyzdan çykarmaly däldiris.” – diýip belläp geçdi.

Kolumbiýanyň daşky gurşaw we durnukly ösüş ministri hem COP16-ny kabul edýändiklerine begenýändigini aýtdy we “Bu, dünýäde biodürlüligi baý ýurtlaryň biri bolan Kolumbiýa üçin uly bir pursat bolar” -diýip belläp geçdi.

Kolumbiýada geçiriljek COP16 sammitine 200 ýurtdan wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar. Sammitde planetany goramak baradaky taslamalar ara alnyp maslahatlaşylar.

Sarwar ÝULDAŞÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok