Halkara banklar gününiň 2023-nji ýyl üçin şygary tassyklandy

Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyjy bilen döredilen we her ýyl geçirilýän halkara banklar gününiň 2023-nji ýyl üçin şygary tassyklandy. “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we global maliýe arhitekturasyny gowulandyrmak” atly şygar BMG-niň gurnamagynda halkara banklaryň, köptaraply ösüş banklarynyň we bank senagaty ulgamynyň bilelikdäki geçirjek forumyň şygaryna öwrüler.

Forum däp bolşy ýaly, BMG-niň UNEPFI ( UN Principles for Responsible banking) banklar boýunça halkara ýörelgesine esaslanýar.

Belläp geçsek, 2022-nji ýylda BMG-niň Baş Assembleýasy agza ýurtlary bilen bilelikde “Geljegiň bank ulgamyny şekillendirmek” atly halkara forumyny geçirdi. Bu foruma dünýä döwletlerinden, bank senagatynyň ýarsyndan gowrak paýnamalaryny özünde jemleýän 300-den gowrak iri halkara banklary gatnaşdy.

Mamagül ÝAZLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok