Imbir – imbirler maşgalasyna degişli bolup, köpýyllyk ösümlikdir. Bu peýdaly ösümlik Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Günbatar Afrikanyň, Braziliýanyň, Hindistanyň, Argentinanyň, Ýamaýkanyň subtropik we tropik ýerlerinde Ösýär. Oňa daşyndan seretseň gamyşy ýadyňa salýar. Bu dermanlyk ösümlik lukmançylykda dürli keselleri bejermekde dermanlyk hökmünde hem-de dürli tagamlary taýýarlamakda giňden ulanylýar.
Imbiriň watany Günorta-Gündogar Aziýa hasaplanylýar. Onuň häsiýetleri adama 5 müň ýyldan gowrak wagt bäri mälimdir. Bu ösümlik tebigatda az duş gelýär. Adamlar ony köplenç özleri ösdürip ýetişdirýärler. Adamlar bu ösümligi diňe bir iýmit hökmünde däl, eýsem gaty gymmat bahaly bolany üçin walýuta hökmünde hem ulanýarlar. Adatça onuň köküni guradylan görnüşinde ýa-da duzlanan görnüşinde iýýärler. Wagtyň geçmegi bilen imbiriň dermanlyk aýratynlyklary bardygy anyklanyp, ony iýmit zäherlenmesi we ýokanç keselleri bolan näsaglara berip başladylar. Onuň düzüminde köp mukdarda witaminler, minerallar we efir ýagy bar. Bu peýdaly ösümligi bedeniň agyrylaryny aýyrmaga, ýürek bulanma garşy, dümew kesellerini bejermekde we şunuň ýaly köpsanly dertleriň öňüni almakda peýdalanýarlar. Bu ösümligi köplenç çaý edip demläp içýärler. Ondan başgada imbir çaýy aşgazan şiresiniň aňsatlyk bilen bölünip çykmasyna ýardam berýär, aşgazanda iýmiti siňdirmek üçin hem örän uly peýdasy bardyr. Bu ösümligiň iýmit siňdiriş ulgamy üçin peýdasy örän uludyr. Imbiriň düzüminde magniý hem köp mukdarda bardyr. Ol bedenden toksinleriň çykmagyny çaltlandyrýar we nerw ulgamynyň ýagdaýyny gowulaşdyrýar.
Bu ösümligiň peýdasynyň köp bolşy ýaly, onuň belli bir mukdarda zyýany hem bardyr. Onuň köki aşgazany we içegeleri gyjyndyrýar. Şonuň üçin hem gemoroý, gastrit ýaly keselleri bolan adamlara bu ösümligi iýmek ýa-da onuň çaýyny içmek maslahat berilmeýär.
Alma ANNABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti
kafedrasynyň mugallymy, l/g maýory.
Teswirler