Asly araplardan bolan As-Sagably dünýä belli eserleri bilen taryhda we edebiýatda uly yz goýupdyr. Meşhur orta asyr ýazyjysy As-Sagablynyň “Dür däneler hem merjen monjuklar” atly kitabyndan akyl, ylym, terbiýe hakynda:
- Akylyna göwni ýetýän sözünde büdrär.
- Gözel terbiýe akylyň miwesi, dogruçyllyk bolsa onuň döwletidir.
- Artykmaç sözden ägä bol, ol seniň gizlin aýybyňy paş eder.
- Tamakin bolmazlyk pukarany baý eder, tamakinçilik men diýen begi har eder.
- Belanyň ýamany nadanlykdyr.
- Bilimsizlik iň howply duşmandyr.
- Akylly amalyna bil baglar, akmak eline.
- Akmak dostuň bolandan akylly duşmanyň bolsun.
- Az oýlansaň köp büdürärsiň.
- Kim tekepbirlik we ulumsylyk donuny geçse abraý mertebeden tiz düşer.
- Paýhasly söz kesgir gylyç ýalydyr.
- “Bilemok” köp ýerde köp bilmekden peýdalydyr.
Atamyrat DURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler