- Küşt iki sany garşydaş oýunçy tarapyndan ýörite 64 öýjükli tagtada oýnalýar. Keseligine we dikligine 8 öýjükli tagta 32 gara we 32 ak öýjükden ybaratdyr.
- Küştde ulanylýan çöpler XV asyryň ahyrynda Ispaniýada döräpdir.
- Küştde iň ýokary at grossmeýsterdir.
- Alymlar küşt oýnamagyň beýniniň iki ýarym şaryny hem işjeňleşdirýändigini subut etdiler.
- Küşt olimpiýa sport oýnudyr. Şeýle-de bolsa, olaryň aýratyn Bütindünýä olimpiadasy bolup, bu ýerde küştçiler hem doping üçin barlag edilýär.
- Eplenýän küşt tagtasy ruhanynyň pikiri sebäpli peýda boldy.
- Aleksandr Puşkin, Lew Tolstoý, Galileo Galileý, Dante Aligheri, Wolter, kardinal Riçeliu, Napoleon Bonapart we başgalar küşt oýnamagy halaýardylar.
- Häzirki wagtda Bill Geýts, şeýle hem Julia Roberts, Will Smit we Arnold Şwarsenegger ýaly daşary ýurt kino ýyldyzlary hem küşt oýnamagy halaýarlar.
- Küşt sagady oýunçylaryň uklamazlygy üçin peýda boldy.
Oguljennet GARAJAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler