Ýakut daşy barada

Gadymy döwürlerden bäri ýakut gymmat bahaly daşlaryň arasynda aýratyn orny eýeläpdir. Rowaýatlaryň birinde aýdylmagyna görä, Hindistanyň mifologiýasyna degişli bolan güýçli hudaýlar mukaddes Kaýlas dagynda ýaşapdyrlar. Günleriň birinde bir adam olaryň ýanyna baryp, «jennetiň ýedinji gatyny» görkezmegi haýyş edýär. Brahma hudaýy onuň haýyşyny bitirmek üçin amritanyň bakylyk içgisini töweregine sepýär. Damjalaryň düşen ýerinde gözelligi bilen hemmäni haýran eden ajaýyp gök daşlar peýda bolýar we olar «ýakut daşy» diýlip atlandyrylýar.

Dünýäniň iň oňat ýakutlary şu güne çenli Şri-Lanka adasynda we ol adadan uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän Kaşmir welaýatynda gazylyp alynýar. Daşlaryň ajaýyp reňki asman gözellikleri bilen deňeşdirilýär.

Ýakut daşynyň içinde, esasan-da, ýyldyzly ýakutlara ýokary baha berilýär. Olaryň biri Ýelena Prekrasnaýa degişlidir we ol onuň gözelliginiň açary hasaplanypdyr. Mälim bolşy ýaly, bu zenanyň ýüreginden orun almak ugrunda söweşenler kän bolupdyr.

Şagözel BATYROWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok