«Mulan» multfilmi «Walt Disney Pictures» studiýasy tarapyndan 1998-nji ýylyň 19-njy iýunynda köpçülige ýetirilýär. Dowamlylygy 88 minut bolan bu multfilm doly göwrümli bolup, ol studiýanyň çykaran 36-njy animasiýa filmidir.
«Mulan» köpçülige ýetirilen dessine, hepdäniň ahyrynda 22,8 million dollar gazandy we «X-Faýllardan» soň şol hepdäniň iň köp girdeji gazanan animasiýa filmi boldy. ABŞ-da we Kanadada 120 million dollar, şeýle hem dünýäde 304 million dollar gazanyp, «Flick’s Adventuresden» soň ol ýylyň ikinji uly maşgala multfilmine öwrüldi.
«Mulanyň» döredijilik işi 1994-nji ýylda başlanýar. Döredijilik topary ylham almak we ýerli medeniýeti özüne çekmek, şeýle hem gözel ýerleriň suratlaryny we nusgalaryny almak üçin üç hepdäniň dowamynda saýlanan sungat režissýorlaryny Hytaýa iberýär.
«Mulan» ilkibaşda iňlis şazadasy tarapyndan Günbatara äkidilen bagtsyz hytaý gyzy hakda «Hytaý gurjagy» atly gysga multfilm hökmünde döredilýär. Soňra «Disneý» studiýasynyň geňeşçisi we çagalar kitabynyň awtory Robert San Souki Hytaýyň «Hua Mulanyň aýdymy» goşgusy esasynda film döretmegi teklip edýär. «Disneý» studiýasy iki aýry taslamany birleşdirýär.
Çeper GUWANJOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
türkmen dili we edebiýaty
hünäriniň talyby.
Teswirler