Bilimli ýaşlar – döwrümiziň buýsanjy

Bu günki gün gözbaşyny gadymyýetiň köklerinden alyp gaýdýan eziz ata-watanymyz asudalygyň, abadanlygyň, Baky Bagtyýarlygyň, synmaz erkinligiň, bol-elin hem-de eşretli durmuşyň mekanyna öwrüldi. Diýarymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler gönüden-göni il-halkymyzyň bagtly durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýär. Diýarymyzda gazanylýan ähli üstünliklerde  ýaşlarymyzyň saldamly goşantlarynyň bardygy has-da buýsançlydyr.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň at abraýy barha belende galýar. Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň ählisi halkymyzyň ajaýyp durmuşda bagtyýar ýaşamagyna gönükdirilendir. Şeýle alnyp barylýan tutumly işleriň çäklerinde ýurdumyzda ýaşlar baradaky alada hem öz mynasyp ornuny tapýar. Döwlet Baştutanymyz ýaşlar baradaky aladany elmydama aýratyn üns merkezinde saklaýar. Şu günki ýaşlarymyz baradaky alada biziň bagtyýar ýaşaýşymyzyň, owadan geljegimiziň kepilidir.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň zehinli ýaşlary özleriniň döwrebap, ilhalar işleri bilen Diýarymyzda giň gerime eýe bolan taryhy özgerişleri mynasyp derejede wasp edip, bu beýik işleriň öz döredijilikli we halal zähmeti bilen baýlaşmagyna uly goşant goşýarlar.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaryň ähmiýetini dünýä ýaýmakda, bagtyýar halkymyzyň agzybirligini, ýurdumyzyň abadançylygyny wasp etmekde türkmen ýaşlarynyň öňünde aýdyň wezipeler durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň ýaşlarynyň döredijilikli işlemegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Zehinli ýaşlaryň arasynda meşhurlyga eýe bolan döredijilik bäsleşikleri, şol sanda Ýaşlar baýragyny almak boýunça yglan edilýän bäsleşik ýurdumyzda zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylmagyna, olaryň hünär ussatlygynyň artdyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini görkezýär.

Arslan GURTMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok