2023-nji ýylda Halkara şäherler güni baradaky maslahat Türkiýe respublikasynyň Üsküdar şäherinde geçiriler.
Halkara şäherler güni ilkinji gezek 2013-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assembleýasynyň A/RES/68/239 belgili rezolýusiýasynda kabul edilýär. Şeýlelikde, 2014-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda bu güni bellemek kararlaşdyryldy.
Belläp geçsek, halkara şäherler güni 2014-njy ýyldan bäri her ýyl BMG-niň Maksatnamasynyň çäginde bellenip gelinýär. Bu hereket “Has gowy şäher, has gowy durmuş” şygary astynda geçirilýär. Halkara gününiň esasy maksady dünýä jemgyýetçiliginiň global şäherleşme baradaky gyzyklanmasyny giňeltmekden ybaratdyr.
2014-nji ýylda Hytaý Halk respublikasynyň Şanhaý şäherinde “Öňdebaryjy şäher özgertmeleri” ady bilen halkara maslahat geçirildi. Yzygiderlikde, bu maslahat 2015-nji ýylda Italiýanyň Milan şäherinde, 2016-njy ýylda Ekuadoryň Kito şäherinde, 2017-nji ýylda Hytaý Halk respublikasynyň Guançžou şäherinde, 2018-nji ýylda Beýik Britaniýanyň Liwerpul şäherinde, 2019-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Ýekaterinburg şäherinde, 2020-nji ýylda Keniýanyň Nakuru şäherinde, 2021-nji ýylda Müsür Arap Respublikasynda, 2022-nji ýylda bolsa, ýene Hytaý Halk respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçirilipdi.
Daýanç GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler