Tebigaty goralyň!

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda howanyň üýtgemeginiň ýagny Bütindünýä maýylganlygynyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna şol sanda Türkmenistana ýetirýän täsiri barada konferensiýa geçirildi. Konferensiýany Türkmenistanyň hökümeti, Beýik Britaniýanyň ilçihanasy, BAE-niň ilçihanasy we BMG-nyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilelikde gurnady.

Maslahatda howanyň üýtgemeginiň suw baýlyklaryna edýän täsiri barada çekeleşikli çykyşlar edildi. Talyplaryň we ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen bu maslahatda tebigaty goramak meselelerine aýratyn üns berildi. Maslahata gatnaşyjylar özleriniň täsirli çykyşlary bilen howanyň üýtgemeginiň öňüni almak barada, tebigaty goramak barada özleriniň tekliplerini aýtdylar. Maslahatda çykyş eden ýaşlar “Durnukly suw dolandyrylyşyny gowulandyrmak arkaly oba hojalygynyň durnukly ösüşini we azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak”, “Durnukly we aýawly sarp etmegi öňe sürmek”, “Suw howpsuzlygy we netijeliligi” ýaly birnäçe gyzykly temalary hödürlediler.

Ara alyp maslahatlaşmalar netijesinde howanyň üýtgemeginiň suw baýlyklaryna, tebigata ýetirýän täsiri şol sanda oba hojalygy we beýleki sarp ediş pudaklaryna ýetirýän täsiri barada aýratyn pikirler diňlenildi.

Daşky gurşawy köpçülikleýin goramak barada, ýurt üçin dünýä üçin çydamly gelejegi gurmak üçin gepleşikleri geçirmelidiris, hyzmatdaşlygy ösdürmelidiris.

Arzuw SETDAROWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok