Ybryk — palçykdan eýlenip, kürede bişirilen kündükdir. Kündükler adatça misden, galaýydan, beýleki metallardan ýasalýar. Ybryk bolsa külalçylyk önümi, ýöne ikisi hem bir maksat üçin ulanylýar. Ybryklar bokurdagyndan tutup eliňe suw guýmaga oňaýly bolansoň, öňki döwürde kündük ornuna ulanylypdyr.
Hum — agzy giň we göwrümi has uly bolan küýzäniň bir görnüşidir. Ol, esasan, bugdaý, şaly, jöwen ýaly önümleri uzak wagtlyk saklamak üçin peýdalanylypdyr. Kiçi göwrümli humlarda altyn-kümüş teňňeler, gymmatbaha şaý-sepler saklanylypdyr.
Gorküýze — küpä meňzeş bolsa-da, ondan tutawajy — gulagy bilen tapawutlanýar. Gorküýzede çal, gatyk, ýag saklanylypdyr.
Golça — bu küýze görnüşi agzy giň, boýy pesräk edilip ýasalyp, syrçalanypdyr. Şonuň üçin-de ol hojalykda gowurma (gowurdak), süýt, gatyk, ýag, toşap, duz saklamak üçin ulanypdyrlar. Gadym wagtlardan bäri öý esbaby hökmünde ulanylyp gelnen golçalar dürli ululykda ýasalypdyr.
Suwküýze — egniňde göterip, guýudan, akardan suw getirmek üçin ulanylýar. Ýasalyşy boýunça gulaklary has ýogyn bolup, onuň bokurdagyndan ýüp aýlap, egniňden asar ýaly ýasalypdyr.
Seňňil — suw içmek üçin käse görnüşli, bir tarapy tutawaçly, kürüşge ornuna ulanylýan küýze. Onuň kädiden ýasalan görnüşine siňňil kädi hem diýilýär.
Jürdek — kiçi göwrümli bir gulply suw küýze. Ol göwrümi giň, düýbi ýerde oturmaga ýöriteleşdirilen kiçiräk küýze gap bolup, ony adamlar uzak ýere ýa-da işe gidenlerinde içimlik agyz suwy alyp gitmek üçin ulanypdyrlar.
Aýnäzik ATDAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler