Akylly şäheriň iň garry gojasy, 89 ýaşynda!

Arkadag şäheriniň iň ýa­şy uly ýaşaý­jy­sy Şa­my­rat Na­za­row bolup durýar. Şamyrat aga 1934-nji ýylyň 22-nji awgustynda öňki Gorjaw obasynda dogulýar. Ol häzire çenli agyr-u-ýeňil iş dannaman, zähmet çekipdir.

Häzirki wagtda dört ogul, al­ty gy­zy il ha­ta­ry­na go­şan Şa­my­rat aga­nyň kyrk üç ag­ty­gy, ýet­miş dört çow­lu­gy bar.

Ýeri gelende belläp geçsek, 89 ýaşy arka atan garry goja özüniň şeýle sagdyn we uzak ýaşamagynyň syryny dag eteginiň arassa hem-de jana şypaly howasy, bagy-bakjasy, derman oty-çöpi, tenekar suwy bilen düşündirýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok