Beýik geljege tarap ynamly gadam

Türkmen halkynyň dünýä nusgalyk döwletlilik ýörelgeleri bar. Agzybirlik, ýaşulylara sala salmak, Watanyň nurana geljegi ugrunda bir supranyň başyna jemlenip, döwletli maslahatlary geçirmek şol ýörelgeleriň süňňüni düzýär. Dana pederlerimiziň mukaddes däplerine eýerip, bu günki günde agzybir halkymyz Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelerine esaslanyp, Milli Liderimiziň, Gahryman Prezidentimiziň daşyna has-da jebisleşýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniňň geçirilmegi toýly günleriň ruhubelentligini artdyrdy.

Bu taryhy mejlis halkymyzyň ykbalyny has-da galkyndyrdy. Munuň şeýledigine maslahatda öňe sürülen wezipelerdir maksatlar, binýady goýlan oňyn tutumlar, halk wekilleriniň teklipleri aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýylyň ýylyna geçirilmegi asylly däbe öwrülen Halk Maslahatynyň bu gezekki mejlisi hem Garaşsyzlyk ýyllarynda Watanymyzyň gazanan üstünliklerini  has-da berkitmekde, halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň bähbidine gönükdirilen möhüm wezipeleri maslahatlaşyp, anyk ugurlary kesgitlemekde uly ähmiýete eýe boldy. 

“Biziň beýik ýeňişlerimiziň hem-de üstünliklerimiziň, döwletimiziň barha artýan halkara abraýynyň esasynda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy durýar” diýýän Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz Türkmenistan Watanymyzy ösüşleriň ýoly bilen barha öňe alyp barýar. Bizi eşretli durmuşda ýaşadýan, halkyny Gün kimin çoýýan Mähriban Arkadagymyzyň, Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Ogulnar ORAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok