Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebary jy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň binalaryny gurmak, bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, işlerini dowam etdirmek maksady bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumyny gurmak meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda orta we ýokary okuw mekdepleri diňe bir ösen ýaşlary taýýarlamak üçin hem-de talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw merkezlerinde döwrebap bilimli, ähli ugurlarda sazlaşykly ýaşlary terbiýelemek bilen çäklenmän, halkymyzyň aň-bilim kuwwatyny doly açmak, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşiniň ygtybarly binýady bolup durýar.
2023-2024-nji okuw ýylynyň 1-nji sentýabrynda Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda bina ediljek Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär.
Bilim ministrligine ýurdumyzda hereket edýän «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhanasyna täze bina ediljek institutyň binalar toplumy üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak, olary umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek üçin şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
2023-2024-nji okuw ýylynyň 1-nji sentýabrynda institutyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy. 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Yslam TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň inžiner mehanika
fakultetiniň dekany.
Teswirler